
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň wekili bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 3-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepin bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm orna eýedigi aýratyn bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Taraplar parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşindäki dialogyň ähmiýetini nygtadylar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny bellediler. Medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, bilim, ylym, medeniýet, KHBS we ýaşlaryň başlangyçlary ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.