
Hökümet mejlisinde bäş aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen döwletiniň alyp barýan netijeli syýasatynyň, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamak işlerini dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, halkara gatnaşyklar barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda üç günläp, ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini, bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasy, däp-dessurlary özünde jemleýändigini aýtdy.
“Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, ähli türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Liderini Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.