
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň daşary işler ministrleri duşuşarlar
5-6-njy iýunda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, 5-6-njy iýunda Nýu-Deli şäherinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Hindistan» forumy bolup geçer.
Şeýle-de onuň çäginde 5-nji iýunda «Merkezi Aziýa — Hindistan» işewürlik forumy hem guralar. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esasy ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.