
Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Goňşy döwletleriň Prezidentleri mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de mübärek günlerde beriljek sadakalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine dogaýy salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.