Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iniň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oralyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.