
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
Beýleki musulman ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem külli yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilýär. Şu gün onuň birinji günüdir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ýurtda Gurban baýramy üç günläp, 6-njy, 7-nji we 8-nji iýunda bellenilýär. Şeýle-de şol resminama bilen, Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna, duşenbe gününe geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurban baýramy döwlet derejesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerdir obalarda aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik dabaralary, haýyr-sogaply çäreler ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. Baýramçylyk günlerinde bady ýatmaýan hiňňildikler Gurban baýramynyň özboluşly bezegidir. Bu ajaýyp baýramçylygyň hoşniýetlilige we päkýüreklilige çagyrýan däpleri türkmen halkynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi, jebisligi dünýä ýaýýan, jemgyýetde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr.
Asylly däbe görä, bu mukaddes baýramçylygyň bellenilýän günlerinde ýurduň ähli künjeginde, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar, birek-birege arzuwlar aýdylyp, berilýän sadakalaryň Allanyň dergähinde kabul bolmagy barada doga-dilegler edilýär.