Türkmenistanyň müftüsi ýurduň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 6-7-8-nji iýunda üç günläp bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Gutlag hatynda Türkmenistanyň müftüsi döwürleriň we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän Gurban baýramynyň many-mazmunynda nesillerden-nesillere geçirilip gelnen ruhy gymmatlyklaryň, milli ynanç-ygtykatlaryň jemlenip, türkmen halky tarapyndan bu mukaddes baýrama watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde uly sarpa goýulýandygyny ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu mukaddes baýramçylygyň şanyna ýurduň ähli künjeginde, asylly däplere görä, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar. Dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Türkmenistanda her ýyl gurbanlyk sadakalary berlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de döwlet Baştutanynyň halkyň we tutuş adamzadyň abadançylykly ösüşiniň we ýagty geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagy, ýurt abadançylygy üçin alkyş-dilegler edilýär.

— Siziň ýakyndan beren hemaýat-goldawlaryňyz bilen, yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý etmekleri üçin şu ýyl hem Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberildi — diýip, Türkmenistanyň müftüsi gutlag hatynda ýazýar.

Hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň müftüsi ýurduň Prezidentini adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar we iň gowy arzuw-dileglerini beýan edýär.