
Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi
11-nji iýunda Ýerewan şäherinde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Myradow, ermeni tarapyna bolsa Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk müdirliginiň başlygy Artur Petrosýan ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, deňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Fiziki we ýuridiki şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, raýatlyk meselelerine, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň özara syýahat etmeginiň şertlerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar degişli teswirnama gol çekdiler we konsullyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.