
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanda 14-nji iýunda Harby akademiýanyň hem-de ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu waka mynasybetli guralan çäreler görnükli mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Şeýle hem “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine hem gül desseleri goýuldy.
Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Dabaraly ýagdaýda Harby akademiýanyň diňleýjilerine ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlara bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watana, halka we ýurduň Prezidentine ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalaryň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme hem kabul etdiler.