120-den gowrak daşary ýurtly eýran-türkmen serhedinden geçdi

Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebäpli 120-den gowrak daşary ýurt raýaty eýran-türkmen serhedinden geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

«Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Häzirki güne çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler.

Gelen adamlar awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edildi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer işi durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhümdir.