Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýanyň Prezidentini we halkyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halla Tomasdottire tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.