Türkmenistanyň Prezidenti Astanada HHR-iň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda ikinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Şunda geçen döwrüň dowamynda bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Dostlukly döwletiň Lideri hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentini Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine we beýleki halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi mälim edildi.