Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, ata Watanyna dolanyp geldi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Bu sapar «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitine gatnaşmak maksady bilen amala aşyryldy.