
Si Szinpin Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny Hytaýyň goldaýandygyny mälim etdi
Hytaý Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda aýtdy.
"Hytaý tarapy Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar" diýip, hytaý Lideri nygtady. Duşuşyk «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerinde geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.