
HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ŞHG-niň sammitine çagyrdy
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn duşuşygynda aýdyldy.
Öz nobatynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.