
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen duşuşygynyň jemleri boýunça iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşyk Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerinde geçirildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.