Serdar Berdimuhamedow halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaýyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Gazagystanyň paýtagty Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerinde geçirilen duşuşygynda dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hytaýyň Türkmenistan üçin wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşdygyny, dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtady.

Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleriniň, berk taryhy binýadyň, umumy ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň düzýändigi aýdyldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, dünýä giňişliginde Türkmenistan hem-de Hytaý parahatçylyk, durnuklylyk, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda tagallalary birleşdirýärler.

"Türkmenistan hytaý tarapynyň öz Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de sebit howpsuzlygy, energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna goldawyna ýokary baha berýär. Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaýyň başlangyçlaryny goldaýar" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.