Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Iki ýurduň halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryny nygtamak bilen, diplomatlar ýurtlaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de halkara meýdançalarynda özara goldaw bermäge bolan meýiller tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge degişli meselelere seredildi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Döwletara gatnaşyklar baradaky gürrüňiň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.