Türkmenistanda Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Tegelek stol maslahatyna Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Çäräni açylyş bölüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistan bilen AÖB-iň arasyndaky 25 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, onuň ýurduň ösüşine we ykdysadyýetiniň güýçlenmegine möhüm goşant goşandygyny aýtdy. Energetika, ulag, şäher gurluşygy we Türkmenistanyň hususy pudagyny berkitmek ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.

Ýan Inmin öz çykyşynda AÖB bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.

Tegelek stol maslahatyň dowamynda AÖB bilen Türkmenistanyň bilelikdäki täze taslamalary barada maglumat berildi.

Hususan-da, Arkadag akylly şäherinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekişilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň energiýa pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, demir ýol ulaglaryny döwrebaplaşdyrmaga we AÖB-iň maliýe we karz hyzmatlarynyň goldawy bilen kiçi we orta kärhanalary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Çykyş edenler ýurduň AÖB bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýändigini bellediler.