
R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary M.Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler.
Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň geljekki mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.