
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
Demirgazyk sebitiň iri kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek boýunça göwnejaý işler alnyp barylýar.
Bu birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den gowragy, elektrik geçiriji ulgamyň bolsa 330-dan gowragy bolup, olar arkaly welaýatyň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär.
Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde ýakyn geljekde bu elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu çäreler tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga, ekologiýa howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça iki zynjyrly, ýokary woltly elektrik geçirijisiniň açylyp, welaýatyň bitewi energetika halkasyna birleşdirilmegi bu taslamalaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Bu bolsa goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine, pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze şertleri döredýär.