
Efiopiýanyň Prezidenti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň forumyna çagyryldy
25-nji iýunda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Efiopiýanyň ilçisi Jemal Beker Abdula bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske-Selassi Amdeniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňzindäki Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Ilçi Jemal Beker Abdula çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, deňze göni çykalgasy bolmadyk döwlet hökmünde Efiopiýa üçin bu forumyň ähmiýetini nygtady. Ol bu çärä Efiopiýadan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyny üpjün etmäge bolan gyzyklanmasyny mälim etdi.
Ilçi birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň bitarap we parahatsöýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Ol çylşyrymly sebit meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmekde Türkmenistanyň oňyn görelde bolup durýandygyny nygtady.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkara we sebitara derejedäki häzirki meseleler, şeýle-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdyrlar diýlip, habarda bellenilýär.