
Hytaýyň DIM-i raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogarda ýüze çykan dartgynly ýagdaýda sebitden hytaý raýatlaryny çykarmak işine beren ýardamy üçin Türkmenistana we beýleki birnäçe ýurda minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýurduň DIM-niň resmi wekili Go Szýakunyň beýanatyna salgylanmak bilen, habar berdi.
«Hytaýyň raýatlaryny dartgynlylyk zolagyndan çykarylan mahaly Eýran, Azerbaýjan, Türkmenistan, Ermenistan, Türkiýe, Yrak, BAE, Oman, Kuweýt, Müsür we Iordaniýa ýaly ýurtlar gymmatly goldaw berdiler. Biz olaryň ählisine çyn ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris» — diýip, hytaý diplomatiki edaranyň wekili nygtady.
Hytaýyň DIM-niň beren maglumatyna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrligi, ilçihanalary we konsullyklary, şeýle hem ulag, raýat awiasiýasy müdirlikleri we beýleki edaralaryň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde Hytaý Halk Respublikasynyň 3125 raýaty dartgynly sebitden sag-salamat çykaryldy.
Şeýle-de Hytaýyň DIM-i häzirki wagtda Eýranda bolýan we ol ýerden çykmak isläýän hytaý raýatlarynyň hemmesiniň howpsuz sebitlere geçirilendigini, şeýle hem Hytaýyň hökümetiniň guramaçylygynda amala aşyrylan uly möçberdäki operasiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi.
Şol bir wagtda Hytaýyň Ysraýyldaky ilçihanasy 500-den gowrak hytaý raýatynyň Ysraýyldan howpsuz çykmagyna kömek edipdir we şeýle-de Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň we Polşanyň raýatlarynyň howpsuz ýere çykmagyna ýardam beripdir.
Hytaýyň DIM-i özüniň Eýrandaky ilçihanasynyň we konsullyklarynyň, şeýle hem Ysraýyldaky ilçihanasynyň diplomatlarynyň öz orunlarynda galýandyklaryny we şol ýurtlarda galmakçy bolýan hytaý raýatlaryna kömek etmegi dowam etdirýändiklerini aýratyn belledi.