Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tine Gutlag iberdi

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedowa Gutlag iberdi.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda şeýle belleýär:

«Çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti!

Si­zi türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny we hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny şöh­rat­lan­dyr­ýan şan­ly se­ne — Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ziň ja­ny­ňy­zyň sag, öm­rü­ňi­ziň uzak bol­ma­gy­ny, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny dün­ýä ta­nat­mak­da, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak­da alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri­ňi­ziň mun­dan beý­läk hem üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz!

Si­ziň baş­tu­tan­ly­gy­ňyz­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­myz­da asyl­ly ýö­rel­ge­ler do­wa­ma­ta bes­le­nip, pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly pent­le­ri­ne eýer­mek bi­len, bü­tin adam­za­dyň aba­dan ýa­şaý­şy, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň her bir gü­ni be­ýik öz­ge­riş­le­ri, ber­ka­rar ýur­du­my­za ab­raý-mer­te­be, şan-şöh­rat ge­tir­ýän baş­lan­gyç­la­ry, ösüş­le­ri bi­len Wa­ta­ny­my­zyň ýyl ýaz­gy­sy­na tä­ze sa­hy­pa­la­ry ýaz­ýar.

Si­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­ňyz esa­syn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, akyl­dar­la­ry­my­zyň we şa­hyr­la­ry­my­zyň ede­bi dö­re­di­ji­li­gi­ni yl­my taý­dan öw­ren­mä­ge hem-de wa­gyz et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap teatr­la­ryň, mu­zeý­le­riň, ki­tap­ha­na­la­ryň, me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik mer­kez­le­ri­niň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Türk­me­niň mil­li mi­ra­sy­nyň, me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gal­ky­ny­şy­na iter­gi be­ren­di­gi­ni bu gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de gal­ky­ny­şy, be­ýik ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýän mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz, sun­ga­ty­myz we ede­bi­ýa­ty­myz hal­ky­my­zy ata Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ma­ga, be­lent zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Bu gün umu­ma­dam­za­dyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry hök­mün­de dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len «Ga­dy­my Merw», «Kö­neür­genç», «Nu­saý» ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň, «Küşt­dep­di» mil­li aý­dym we tans des­su­ry­nyň, «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň ab­raý­ly sa­naw­la­ry­na gi­ri­zil­me­gi türk­me­niň baý me­de­ni­ýe­ti­niň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ryň mi­we­si­dir.

Be­lent mer­te­be­li Pre­zi­den­ti­miz!

Si­ziň: «Her bir halk dün­ýä­de me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nal­ýar. Türk­men hal­ky be­ýik sun­ga­ty, ägirt uly ede­bi, me­de­ni mi­ra­sy dö­re­dip bi­len halk­dyr» diý­ýän söz­le­ri­ňiz türk­men hal­ky­nyň be­ýik sun­ga­ty­na, nus­ga­wy me­de­ni mi­ra­sy­na, me­de­ni­ýe­ti­ne go­ýul­ýan sar­pa­dan ny­şan­dyr. Si­ziň baş­tu­tan­ly­gy­ňyz­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek, mil­li mi­ra­sy­my­zyň gym­mat­lyk­la­ry­ny, aja­ýyp sun­gat aý­ra­tyn­lyk­la­ry­my­zy hor­mat­la­mak we dün­ýä ýaý­mak bi­len, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­lar hal­ky­myz­da çäk­siz gu­wanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­niň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän­di­gi aý­ra­tyn buý­san­dy­ry­jy­dyr.

Hor­mat­ly Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz!

«Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýip, hal­kyň pa­ra­hat dur­mu­şy­ny, döw­le­tiň ber­ka­rar­ly­gy­ny ar­zuw­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň döw­let­li­lik ha­kyn­da­ky ar­zuw-is­leg­le­ri tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de ha­syl bol­dy. Bu gün Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da ba­ky orun al­dy. Söz us­sa­dy­nyň hor­ma­ty­na «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni mi­ra­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň dün­ýä do­lan şöh­ra­ty­ny has-da beý­geld­ýär.

Sar­pa­sy be­lent Pre­zi­den­ti­miz!

Si­zi Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Goý, Si­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gy­ňyz­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň hem-de sun­ga­ty­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­mi­zi, je­bis­li­gi­mi­zi wasp ed­ýän be­lent owa­zy dün­ýä dol­sun!».