
Ýan Sanders BMG-niň konferensiýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolar
Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sanders bilen duşuşyk geçirdi. Bu saparyň maksady BGG-nyň Gümrük hyzmatdaşlyk geňeşiniň 145-nji we 146-njy sessiýalaryna gatnaşmak bilen baglydyr. Duşuşyga Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň beren habaryna görä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy ýurduň gurama bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we BGG-niň häzirki hem-de geljekki taslamalaryna, şol sanda töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ugurlarynda işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkezine aýratyn üns berildi. Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň çözgüdi bilen bu merkez sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe boldy. Gullugyň ýolbaşçysy bu başlangyjy ilerletmäge goldaw berendigi üçin BGG-niň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we merkeziň işini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belledi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji konferensiýasyna gatnaşmak, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylyklary gowşurdy.
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary iki çakylygy hem kabul edip, awgust aýyndaky konferensiýa hut özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady. Ol Türkmenistanyň guramanyň agzasy hökmünde alyp barýan işjeň ornuny nygtap, ýurduň gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna bolan tagallasy üçin minnetdarlyk bildirdi.