«UKEF-iň» wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi

27-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa «UK Export Finance» («UKEF») kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky «UKEF-iň» wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.