Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Bu barada milli Parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 28-nji iýunda geçirilen maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.

«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna-da seretdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara girmegi babatynda wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigi göz öňünde tutulyp, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hem aýdyldy. Taslama laýyklykda, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen Içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki borçlarynyň hataryna, bellenilen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada borjy kesgitleýän täze kada goşmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy bellenildi. Taslama laýyklykda, töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy barada düşünjeleriň girizilmegi we aýdyňlaşdyrylmagy teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasyny kesgitlemek, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, maslahatda «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň düzgünleşdirýän meselesi barada durlup geçildi. Taslama laýyklykda, hereket edýän kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda, gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalary girizmek göz öňünde tutulýar.

«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi diýlip, habarda aýdylýar.