Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen mähirli gutlady. Özbegistanyň Prezidenti Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň durnukly ösmegine, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandyny aýratyn nygtady.

Öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda gazanylan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň örän ýokary derejesi, esasan hem, döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary netijesinde emele gelen netijeli gatnaşyklar aýratyn kanagatlanma bilen bellenildi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy we ýük gatnawynyň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Hyzmatdaşlyk boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Hususan-da, «Daşoguz — Şabat» serhet söwda zolagynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Hökümetara bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisine, Sebitleýin foruma we Işewürlik geňeşiniň duşuşygyna taýýarlyk görülýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda şu ýylyň sentýabr aýynda Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.