Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Toyo Engineering» korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Toyo Engineering» korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamasuny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi barada aýdyldy. Şunda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bar. Bellenilişi ýaly, «Toyo Engineering» korporasiýasy bilen Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.