Balkan welaýatynyň iki etrabynyň häkimleri täzelendi

Saparberdiýew Rahym Annamuhammedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Didar Annamämmedowiç Meredow bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesine bolsa Ýakut Täçmyradowiç Öwezow bellenilip, ol bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda alty aýyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permanlara gol çekdi.