Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatyny geçirdi

Şu gün Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.