Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary BAE-niň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksady bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilelikde guramak we iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine garadylar.