Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar bilen bardy.

«AZERTAJ» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýagub Eýýubow we daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hormatyna howa menzilinde hormat garawuly nyzama düzüldi we iki ýurduň Döwlet baýdaklary ýerleşdirildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.