Gurbanguly Berdimuhammedow we Ilham Aliýew Şuşada gurlan ilkinji ýaşaýyş jaý toplumyna baryp gördüler

17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherinde gurlan ilkinji ýaşaýyş jaý toplumyna baryp gördüler. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Şuşa sebitindäki ýörite wekili Aýdin Kerimow myhmanlara bu ýerde ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

23 binadan ybarat ýaşaýyş toplumynyň umumy meýdany takmynan 8 gektardyr. Bu toplumyň düýbi 2021-nji ýylyň awgustynda Azerbaýjanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda tutuldy.