Gurbanguly Berdimuhamedow Şuşa şäherindäki Mehmandarowlaryň köşk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Şuşa şäherindäki Mehmandarowlaryň köşk toplumyna baryp gördi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, myhmana, uly we kiçi ýaşaýyş binalaryndan, maşgala metjidinden we çeşmeden ybarat bolan toplum XVIII asyrda Mehmandarowlaryň nesilbaşylary tarapyndan bina edilipdir.

Bellenilişi ýaly, Azerbaýjanyň baý binagärlik däpleriniň seýrek nusgalaryndan biri bolan bu köşk toplumy Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan täzeden dikeldildi. 2021-nji ýylyň oktýabryndan başlap toplumda, onuň çägindäki maşgala metjidinde we çeşmede abatlaýyş we dikeldiş işleri alnyp baryldy.

2023-nji ýylyň 9-njy maýynda bolsa Prezident Ilham Aliýew we ilkinji hanym Mehriban Aliýewa abatlaýyşdan soň bu toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dikeldiş işlerinden soň, köşk toplumynda muzeý ekspozisiýasy hem döredildi.