Türkmenistan Pakistan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek isleýär

29-njy iýulda Türkmenistanyň ilçihanasynda Pakistanyň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani bilen geçirilen duşuşykda, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerini, ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapy Pakistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny aýratyn nygtady.

Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikler boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen bagly, bilelikdäki sergileri, işewür toparlaryň saparlaryny, maýa goýum forumlary guramak hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň beýleki birnäçe ýollaryny durmuşa geçirmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmäge we özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.