
Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisinde ýanwar — iýul aýlarynda durmuşa geçirilen işler boýunça maslahat geçirildi.
Maslahatda degişli döwürde ýurduň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli Türkmenistanyň kanunlarynyň 14-siniň, Mejlisiň kararlarynyň 11-siniň kabul edilendigi barada bellenildi. Türkmenistanyň milli kanunçylygyny dünýä tejribesiniň esasynda mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat döwründe «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Şeýle hem jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmäge taýýarlyk görmäge Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynyň wajyplygyna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara guramalar, daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti nygtaldy.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, şeýle hem onuň çäklerinde guraljak dürli ugurly çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmakda we halkara abraýyny belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Dünýä döwletleriniň giň wekilçiligindäki Parlament forumyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça Mejlis tarapyndan alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.
Maslahatyň dowamynda ýurduň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek, içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny wagyz etmek boýunça ilatyň arasynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan wezipelere ähmiýet berildi.