Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli dialogyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän saparlara hem-de duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.