
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň ilçisi bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
14-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.