Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Li Çže Mýona we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.