Türkmenistanyň ilçisi Koreýanyň Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Oňa ýurduň Prezidenti Li Je Mýon we beýleki Hökümet agzalary gatnaşdy diýlip, ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärelerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy barada belledi. Şeýle hem bu sebitiň ýadro ýaragyndan azat saklanmagy, taryhy gapma-garşylyklara garamazdan Ýaponiýa bilen goňşy döwlet hökmünde hyzmatdaşlygy ösdürmek, galyberse-de şu ýylyň üçünji çäriýeginde bu ýurtda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk Sammitini (APEC) ýokary taýýarlykly geçirmek babatda koreý tarapynyň görýän taýýarlyk işleri ýaly mowzuklary aýratyn belläp geçdi.
Çäreleriň çäklerinde, ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýonuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.
Onuň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanyna ýetip gelen baýramçylyk mynasybetli gyzgyn gutlaglary we mähirli salamlary ýetirdi. Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.