
Palestinanyň ilçisi ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarays habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Rana Abu Hijleh öz adyndan we Palestina Döwletiniň ýolbaşçylygynyň adyndan palestin halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.