Türkmenistan we Täjigistan parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

20-nji awgustda bolan duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmonyň oýlanşykly başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda yzygiderli giňeldilýän döwletleriň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi tejribe alyşmaga, häzirki sebit we halkara meseleler boýunça ylalaşylan ugurlary ösdürmäge we halkara bileleşiginde birek-biregiň döredijilik başlangyçlaryny goldamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Taraplar parlament mehanizmleriniň çäginde, şol sanda parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň üsti bilen özara gatnaşyklary giňeltmek babatda netijeli tagallalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.