
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer N.Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşar.