
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe bedew, Şawkat Mirziýoýewe arwana düýe sowgat etdi
22-nji awgustda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy.
Şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini we çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar.
Soňra bu ýerde guralan dabara belent mertebeli myhmanlara özboluşly sowgatlary gowşurmak çäresi bilen dowam etdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşandyklary we geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegini we ylalaşyklaryň gazanylmagyny goldandyklary üçin çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde belent mertebeli myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň, tutuş türkmen halkynyň adyndan akýal mele reňkli Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi gowşuryldy.
Soňra doganlyk Özbegistanyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň, türkmen halkynyň adyndan körpe köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi.
Gahryman Arkadag doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary mynasyp bolan sowgatlary bilen gutlady diýlip, habarda aýdylýar.