
Arkadag we Fizuli şäherleri doganlaşan şäherler boldular
Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Degişli Teswirnama 22-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, gol çekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.