Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan häzirki döwrüň howplaryna bilelikde garşy durmak barada ylalaşdylar

Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na hem-de we­him­le­ri­ne gar­şy bi­le­lik­de gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gy maksat edinýärler.
Türk­me­nis­ta­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 22-nji aw­gus­tda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Bu resminama TDH-niň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
«Ta­rap­lar ýo­ka­ry we iň ýo­ka­ry de­re­je­de ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry, üç ýur­duň ara­syn­da da­şa­ry sy­ýa­sy ugur bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy sak­la­ma­gyň, hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na hem-de we­him­le­ri­ne gar­şy bi­le­lik­de gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler» diýlip, resminamada aýdylýar.