Awazadaky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk: gol çekilen resminamalar

Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji awgustda «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk baş­la­maz­dan ozal, we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň üç ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň hem-de du­şu­şy­gyň ban­ne­ri­niň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra üç­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra ho­wa gat­na­wy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ar­ka­dag şä­he­ri (Türk­me­nis­tan) bi­len Fi­zu­li şä­he­ri­niň (Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bi­len «Öz­bek res­pub­li­kan ha­ryt-çig mal bir­ža­sy» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di diýip, TDH ýazýar.

Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­ny ka­bul et­di­ler.