Ilham Aliýew: «Türkmenistan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizulyda metjit gurar»

Türkmenistan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuly şäherinde metjit gurup berer. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşykdan soň metbugat wekillerine ýüzlenmede habar berdi.
«Fizulyda bolan döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan sowgat hökmünde metjit gurmagy teklip etdi. Men bu teklibi minnetdarlyk bilen kabul etdim» diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew aýtdy. Onuň sözlerine görä, metjidiň binagärlik taslamasy eýýäm taýýarlanypdyr we ýakyn wagtda düýbi tutular.
Metbugat maslahatyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Raýat awiasiýasy, gämi gurluşygy, ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatda degişli ähtnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Arkadag şäheri bilen Azerbaýjanyň Fizuly şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Teswirnama gol çekildi.