Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar

Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 22-nji aw­gus­tda «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
«Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda özara gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini bellediler» diýlip, habarda aýdylýar.